- 首頁
- App 分析
- Azatlyk Radiosy
- Azatlyk Radiosy Vs. Zaman Türkmenistan
Azatlyk Radiosy 與 Zaman Türkmenistan 使用情況與統計
Azatlyk Radiosy — bu mobil telefonlary üçin taýsyz maglumat çeşmesidir.
Siz Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimini mugtuna indirip bilersiňiz. Bu mobil telefonlary üçin türkmen dilinde maglumatlary hödürleýän taýsyz çeşmedir.
Azatlyk Radiosy arkaly siz Türkmenistanda döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleriniň beýan etmeýän maglumatlary bilen tanyşyp bilersiňiz. Biz Türkmenistanyň ilatyna deňagramly habarlary we analitiki maglumatlary, bilermenler we resmiler bilen unikal söhbetdeşlikleri öz wagtynda hödürleýäris.
Azatlyk Radiosy bu Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy media-korporasiýasynyň düzümindäki Türkmen gullugydyr. Onuň baş edarasy Pragada ýerleşýär we dünýäniň dürli ýurtlaryndaky 18 býurosynda 1 müň 300 žurnalisti işleýär. AÝ/AR – dünýädäki iň abraýly we sylanýan habar serişdeleriniň biridir.
Türkmençeden başga-da, Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Ýewropanyň we Aziýanyň 36 ýurduny öz içine alýan territoriýa degişli 20-den hem aşa başga dilde maglumatlary hödürleýär.
Azatlyk Radiosynyň iň täze habarlary bilen tanyşyň!
Biziň iň soňky täzeliklerimizi WearOS enjamy arkaly okaň!
- Apple App Store
- 免費版
- 新聞
商店排名
- -
“Zaman-Türkmenistan” gazeti 1992-nji ýylyň noýabr aýynda döredilip, ýurdumyzdaky
täzelikleri, şol sanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki
ugurlarda dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän täzelikleri, gyzykly we täsin wakalary
gyzgyny bilen okyjylara ýetirýär. “Zaman-Türkmenistan” gazeti ilki neşirýat kärhanasy,
2004-nji ýylda jogapkärçiligi çäkli bileleşik, 2007-nji ýyldan bäri bolsa, hojalyk
jemgyýeti hökmünde iş alyp barýar.
“Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň döredip
beren ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini
gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Döredijilik topary milli Liderimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler
maksatnamalaryny türkmen halkyna hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň okyjylaryna
ýetirmek maksady bilen şanly senelere bagyşlap, ýörite sanlary taýýarlaýar. Ýörite
sanlaryň halk köpçüliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy gazetiň işgärleriniň yhlasly
zähmet çekmegine höweslendirýär.
Döredijilik toparymyz dürli döwürde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 7-nji
oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň
döredijilik topary 2010-njy ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn
asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
“Zaman-Türkmenistan” gazeti hepdelik neşir bolup, 2005-nji ýyldan bäri internet saýty
arkaly dünýäniň ähli ýerindäki okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Gazetimiziň internet
saýtynyň yzygiderli täzelenýär. Şeýle hem okyjylar smartfonlar üçin döredilen
applikasiýadan peýdalanyp bilýärler. Türkmenistanyň Metbugat merkezinde çap edilýän
gazet “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryna ýaýradylýar.
- Apple App Store
- 免費版
- 新聞
商店排名
- -
Azatlyk Radiosy與 Zaman Türkmenistan 比較排名
比較過去 28 天的 Azatlyk Radiosy 排名趨勢與 Zaman Türkmenistan
排名
無可用數據
各國 Azatlyk Radiosy vs. Zaman Türkmenistan 排名比較
比較過去 28 天的 Azatlyk Radiosy 排名趨勢與 Zaman Türkmenistan
所有類別
無可用數據
新聞
使用我們的免費試用版,與所有網站進行比較


3月 18, 2025